Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY — MILLI DEMOKRATIÝANYŇ KÄMIL NUSGASY

Halk Mas­la­ha­ty bü­tin hal­ky­my­zy, asu­da jem­gy­ýe­ti­mi­zi bir mak­sa­da, bir pi­kire — ag­zy­bir­li­ge hem-de je­bis­li­ge ça­gyr­ýan gym­mat­ly ýö­rel­ge­dir. Şu jä­het­den, mukaddes Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de, has taky­gy, Halka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 19-njy sent­ýab­ryn­da ge­çi­riljek umumy­mil­li fo­rum — Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bag­ty­ýar gel­je­gi na­zarla­ýan ösüş­le­riň hem-de tä­ze sep­git­le­riň my­na­syp do­wa­ma­ty bo­lar.

        Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly: «Halk Mas­la­ha­ty bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li iş­le­ri dowam et­di­rip, Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek boýunça ze­rur işle­ri alyp bar­ma­ly­dyr». Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, her ýyl Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­synda ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li fo­rum­da ýur­du­my­zyň äh­li sebitlerin­den ýyg­na­nan we­kil­ler ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, bag­tyýar­ly­gy­ny üp­jün et­jek mö­hüm me­se­le­le­ri masla­hat­laş­ýar­lar. Şun­da ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gatnaşmagy üp­jün edil­ýär, de­mokra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, döw­let äh­mi­ýet­li karar­lar, çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyk­lyk et­me­gin­de 20-nji aw­gust­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­tynyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si fo­ru­myň taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň, gu­ra­ma­çy­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­jede bol­ma­gy üçin köp san­ly anyk we­zi­pe­le­ri kes­git­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şondan ugur al­nyp, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li welaýatlaryn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mejli­si­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri giň ge­rim­de ýaýbaňlandy­ryl­dy. Bu ba­bat­da dür­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da, şol san­da jem­gy­ýet­çi­lik gura­ma­la­ryn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Türk­men hal­ky öz­bo­luş­ly mil­li de­mok­ra­tik jem­gy­ýe­ti dö­ret­me­gi ba­şa­ryp­dyr. 

       Türk­men jem­gy­ýe­tin­de mas­la­hat­lar­dyr ge­ňeş­le­riň ýur­dy do­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp gu­ra­ly bo­lup hyz­mat eden­di­gi­ni ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk durmuş tej­ri­be­sin­de sün­nä­läp, dil­den-di­le ge­çi­rip bi­ze mi­ras go­ýan «Ge­ňeş­siz iş bol­maz», «Ýe­di öl­çäp, bir kes!», «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li ýer­de kem­lik ýok, geňeşsiz ýer­de — deň­lik» ýa­ly da­na pä­him­le­ri hem tas­syk­la­ýar. Şeý­le hem türkmenle­riň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýa­şu­ly nes­liň, il için­de hor­matlan­ýan şahsyýet­le­riň paý­has­ly mas­la­hat­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ola­ra eýe­ren­dik­le­ri­ne, nesil­le­riň pi­kir alyş­ma­gy­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ne ta­ry­hy çeş­me­ler şa­ýatdyr. Türk­men jem­gy­ýe­tin­de mö­hüm sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­laş­ma­gyň tej­ri­be­si öz göz­ba­şy­ny Oguz han eý­ýa­myn­dan alyp gaýd­ýar. Mas­la­hat­lar hal­ky­my­zyň mil­li bi­te­wü­li­gi­ni, yn­san­per­wer we ah­lak ýörel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de mö­hüm orun eýe­läp­dir, her bir şah­sy­ýe­tiň öz halkynyň yk­ba­ly­na bo­lan jo­gap­kär­çi­li­gi­ni, jem­gy­ýet­çi­lik aňy­ny hem-de sy­ýa­sy düşün­je­li­li­gi­ni ter­bi­ýe­läpdir. Ýa­zuw çeş­me­le­ri­niň şa­ýat­lyk et­me­gi­ne gö­rä, umu­my bäh­bit­le­ri goz­ga­ýan me­se­le­le­ri çöz­mek üçin halk we­kil­le­ri bi­le­lik­de jem­le­nip, demok­ra­tik esas­da mas­la­hat­la­ry ge­çi­rip­dir­ler we çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. Mas­la­hat­lar jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň kä­mil gör­nü­şi bo­lan de­mok­ra­ti­ýa esas­lan­ýan ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Ol ýö­rel­ge­le­re ag­zy­bir­lik, ada­lat­ly­lyk, deň­lik, ynsan­per­wer­lik, raý­daş­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik de­giş­li­dir. Bu ýö­rel­ge­ler il-hal­kyň bähbidine, ýag­şy­ly­ga gul­luk edip­dir. Pe­der­le­ri­mi­ziň ga­dym­dan gel­ýän döwlet­li­lik, yn­san­per­wer­lik, mil­li däp­le­re hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da demok­ra­tik, hu­kuk döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nunçy­ly­gy bi­len ber­ki­dil­ýär. 

          Ka­nun­çy­lyk na­ma­lary­myz­da mil­li ýö­rel­ge­ler bi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň öz­bo­luşly nus­ga­sy kema­la gel­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 3-nji mad­da­syn­da: «Türkmenistanyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy halk ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar, halk döw­let häki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk göz­ba­şy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň halky öz hä­ki­mi­ýe­ti­ni gös-gö­ni ýa-da we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ryň üs­ti bi­len ama­la aşyr­ýar» di­ýen kada­nyň berkidilendigini, de­mok­ra­tik baş­lan­gyçla­ryň ösen de­re­je­si­ni, hal­kyň pi­ki­ri­ne hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­ny şu gün­ler­de şa­ýa­dy bol­ýan wa­ka­la­ry­myz äh­li aý­dyň­ly­gy bi­len tassyk­la­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän eda­ra­la­ry kämil­leş­dir­mek, ola­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň esasla­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­lar edil­ýär. Döw­leti­miz­de jemgy­ýe­tiň yk­ba­ly­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän çöz­güt­ler ka­bul edi­len­de hal­kyň pi­ki­ri ha­saba al­nyp, köp­çü­li­giň bäh­bit­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Şeý­le çöz­güt­le­riň ka­bul edilme­gi­ne gat­naş­ýan­la­ryň deň hu­kuk­la­ra eýe bol­ma­gy bol­sa gel­nen ka­rar­la­ryň ada­lat­ly­ly­gy­na, geljek­de ola­ryň do­ly we dog­ry ýerine ýe­ti­ril­megi­ne tä­sir ed­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­kary we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Bu ug­ra gö­nük­di­ri­len iş­le­riň kä­mil ka­nu­ny esas­la­ry­ny düz­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­nyň he­re­ket et­me­gi halk bi­len bi­le­lik­de döw­let­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çiril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly: «Ýur­du­myz­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­ni, mil­li demokratik ins­ti­tutla­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Biz döwletli­lik, ka­nu­ny­lyk we mil­li de­mok­ra­tik ka­da­lar­dan ugur alyp, döw­let äh­mi­ýet­li möhüm so­rag­la­ry halk bi­len masla­hat­la­şyp ama­la aşyr­ýa­rys. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi hem şol mak­sat­lar­dan ugur al­ýar». Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let äh­mi­ýet­li so­rag­la­ry çöz­mek, ýur­du­myz­da kabul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýetirmä­ge halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bisli­gi­ni, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty­nyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Mu­ny dur­muş­da amal et­mek­de halk we­kil­çi­li­gi­niň tä­ze nus­ga­sy­nyň gel­jek­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döwletimiziň ösme­gi­ne, hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de özü­niň or­nu­ny has pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ne hal­ky­myz uly ynam bil­dir­ýär.

          Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty türk­men hal­ky­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen mil­li de­mok­ra­tik däp­lerin­den, dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den göz­baş alyp, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, we­kilçi­lik­li hä­ki­mi­ýet edaralary­nyň işi­ni ös­dür­mä­ge, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hu­kuk esaslaryny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ra­ýat­la­ryň hukuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň goraglylygy­nyň has yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär. Şu jä­het­den, ýa­kyn­da ge­çi­ril­jek umu­my­mil­li fo­rum — Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mejli­si bu ugur­da mö­hüm ädim bo­lup, iň tä­ze ta­ry­hy­my­za şan­ly sa­hy­pa­la­ryň ýe­ne-de biri­ni ýa­zar, ýurdu­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­niň hem-de geljek­ki ösü­şi­niň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­ne öw­rü­ler.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.