Häzirki wagtda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welosiped sporty beden we psihiki sagdynlygy, fiziki işjeňligi gowulandyrmagyň möhüm serişdesi bolup hyzmat edýär. Welosiped dünýäde iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Munuň bilen baglanyşykly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, Bütindünýä welosiped güni döredilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrülip, ýokary derejede alnyp barylýar.
Açyk howada gezim etmegiň, sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygy üçin peýdasy uludyr. Haçan-da ol höwes bilen ýerine ýetirilende bolsa, täsiri, netijesi has-da gowy bolýar. Welosiped sürmek hem sportuň bir görnüşi bolup, häzirki döwürde uludan-kiçiniň welosiped sürmäde bolan höwesi artýar. Sportuň bu görnüşi bilen baglylykda ýurdumyzda ýaryşlar, ýörişler yzygiderli geçirilýär.
«Welosiped» latyn sözi bolup, «velox» - «çalt», «pedis» - «aýak» diýen sözleriň jeminden emele gelipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, sportuň bu görnüşinde aýagyň dyz we daban bölekleri has köp işjeňlikde bolýar. Welosiped bilen meşgullanmak adamyň gan aýlanşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş hadysasynyň has-da gowulanmagyna, dürli keselleriň döremek howpunyň azalmagyna öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilipdir.
Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Häzirki wagtda sportuň bu görnişi ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe boldy. Welosiped sürmegiň ynsan saglygyna berýän peýdasy ummasyzdyr.
Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. XVIII asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler. Angilýanyň Kroýden şäherinden G.Beýts ilkinji welosipedi ýasapdyr diýip bellenilýär. Welosipediň giňden ýaýramagy bilen welosiped sporty hem döredi. Welosipedli ýaryşlar uly ýollarda, ýapyk we açyk welotreklerde geçirilýär. Ilkinji ýol welosiped ýaryşy 1868-nji ýylda Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda geçirildi. ABŞ-da ilkinji welosiped ýaryşlary 1878-nji ýylda geçirildi. 1890-njy ýylda welosiped Ýewropada tomusky sportuň bir görnüşi hökmünde giňden meşhurlyga eýe boldy. 1896-njy ýylda ol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. 1900-njy ýylda Halkara welosipedçiler geňeşi (UCI) döredildi. Bu gurama sportuň bu görnüşiniň häzirki zaman düzgünlerini emele getirdi. Bu geňeş halkara ýaryşlaryň gözegçiligini amala aşyryp, welosiped rekordlaryny tassyklaýar we hasaba alýar. Iň meşhur hem-de iň çylşyrymly halkara welosiped ýaryşy «Tur-de-Frans» hasaplanýar. Ol 1903-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Onuň geçiş ugry her ýyl üýtgedilýär. Bu ýaryşyň uzynlygy 4000-den 4800 kilometre çenlidir. Ýeňijiniň sary köýnekçesini geýýän welosipedçi dünýäniň iň güýçli welosipedçisi hasaplanýar. Ýurdumyzda hem welosipede we welosiped sportuna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl däp bolşy ýaly dürli ýaryşlar we köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirilýär. 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirilip. 2019-njy ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Olaryň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Her bir işde halkymyza, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesile şahsy görelde görkezýän, döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň ylymly – bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il- ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Saglygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýy has-da ýokary galsyn!
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.