Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARAHATÇYLYGYŇ MERKEZI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň gözel keşbinde ýurdumyzyň syýasy abraýy, ykdysady kuwwaty, il-ulsumyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. «Aziýanyň merjen şäheri» diýlip ykrar edilip, ajaýyp seýilgähleri, giň şaýollary, gaýtalanmajak binagärligi bilen göreni haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzda halkara derejedäki iri çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi baş şäherimiziň parahatçylygyň we abadançylygyň merkezi hökmündäki abraýyny has-da artdyrýar.

«Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Paýtagt Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar» diýlip bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda-da uly ähmiýete eýedir.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň netijesinde Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülendigini ynam bilen aýdyp bileris. Baş şäherimiziň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde mermer örtülen binalaryň iň köp ýygnanan şäheri hökmünde orun almagy, «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykatyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmen gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňüleri giňden ornaşdyrylyp, bina edilýän desgalar ähli zerurlyklar, şol sanda aragatnaşyk düzümleri bilen üpjün edilýär.

Ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär.

Aşgabatda işewürlik gurşawy ýylsaýyn kämilleşýär. Paýtagtymyzda iri söwda we dynç alyş merkezleriniň, bazarlaryň, hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň sany barha artýar. Munuň özi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň durmuş zerurlyklaryny üpjün etmäge, şeýle hem işewürligi ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Gözelligi gözüňi dokundyrýan, kalbyňa ylham berýän merjen paýtagtymyz halkymyzyň buýsanjydyr. Ak mermere örtülen şäheriň her biri sungat eserini ýada salýan owadan binalaryny, gülzarlyga bürenen seýilgählerini, agşamara ýyldyzly asmana çalym edýän yşyklaryny synlanyňda, bu täsin görnüşleriň abadan durmuşyň keşbidigine ynanýarsyň. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň dabaraly bellenilmegi baş şäherimize guwanjymyzyň nyşanydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyzyň paýtagty uly toýuň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolup durýar. Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda halkara derejedäki syýasy, ykdysady forumlaryň, sergi-ýarmarkalaryň, sport ýaryşlarynyň, medeni festiwallaryň yzygiderli geçirilýändigi hem sözümizi tassyklaýar. Olara gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän ýokary derejeli myhmanlaryň, syýasatçylaryň, alymlaryň, işewürleriň, türgenleriň, sungat ussatlarynyň, galyberse-de, syýahatçylaryň güneşli ülkämiz we onuň paýtagty barada aýdýan buýsançly sözleri göwnümizi galkyndyrýar.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.