Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÜNÝÄ NUSGALYK SUNGAT

Haly — türkmeniň kalby, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip, juda jaýdar nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy we müdimi sungatyň gadyr-gymmaty has-da artdy. YUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli halyçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki sarpasy barha ýokarlanýar. Bu hakykat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanan Türkmen halysynyň baýramynda hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde guralan serginiň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk sungatynyň halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny, nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Nepislik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar kämilleşmegiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär. Şeýle hem 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy, ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, «Iň uly haly göli» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Serginiň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň halyçylarynyň dokan ajaýyp eserleri bilen bir hatarda, hususy pudagyň iri kärhanalarynyň, telekeçi zenanlaryň taýýarlan döwrebap haly önümleri görkezildi. Telekeçi zenanlaryň sergide görkezen sowgatlyk önümleriniň toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen sergä gelenleriň ünsüni çekdi. Mundan başga-da, sergide daşary döwletlerden gelen myhmanlar tarapyndan nusgawy gölli we dürli şekilli halylar, güberçekli halylar görkezildi. Munuň özi türkmen halyçylyk sungatyna bütin dünýäde aýratyn sarpa goýulýandygyny alamatlandyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar milli halyçylyk sungatynyň ösdürilmeginde, el halylarynyň özboluşly aýratynlygynyň wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak maksady bilen, täze taryhy döwrümizde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy sungatymyzy wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisiniň işi hem şu maksada gönükdirildi. Dünýäniň ylmy we işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän bu guramanyň nobatdaky mejlisinde halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde Milli Liderimiziň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen has içgin tanyşdyrandygyny bellediler. Şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça duşuşyklaryň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, konsertleriň we beýleki çäreleriň geçirilendigini aýtmak gerek. Umuman, halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde ýurdumyzda uludan bellenilip geçilen bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň, dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.