Jemgyýetiň abadançylygy we döwletiň berkararlygy adalatly, kämil kanunlar hem-de arkama-arka dowam etdirilýän asylly ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu adamzadyň taryhy ýolunda ençeme gezek subut edilen hakykatdyr. Kämil kanunçylyk ulgamy bolan döwletler öz raýatlaryny ajaýyp durmuşda ýaşadýarlar. Olaryň kemala getiren döwletlilik ýörelgeleri bolsa geljek nesiller üçin gymmatly mirasa öwrülýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, ata-babalarymyzyň jemgyýeti we döwleti dolandyrmakda toplan gymmatly tejribesini dünýä kanunçylygynyň iň gowy gazananlary bilen utgaşdyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň berk binýadyny emele getirýär. Döwlet baýdagymyz bolsa şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan nurana ýolumyzy ýagtylandyrýan milli gymmatlyklarymyzyň, döwletlilik ýörelgelerimiziň keşbini şöhlelendirýän nyşandyr.
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýen sözleri barada pikirleneniňde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly many-mazmuna eýedigine göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen barýan halkymyz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolan bagtyýar zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýar. Milletimiziň müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli pikir-garaýyşlary hem-de döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly sütüni bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda berkidilen jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion kada berkarar döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynyň binýadynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary il-ulsumyzyň jebisligini, agzybirligini has-da pugtalandyryp, halkymyzy Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Buýsançly geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi, beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyz bolan Döwlet baýdagymyz bütin dünýäde belentde parlap, eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny jümle-jahana ýaýýar. Tebigatyň we ýaşaýşyň gözelligini özünde jemleýän ýaşyl tugumyz jebisligimiziň, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerimiziň mukaddes nyşany hökmünde halkymyzy asylly maksatlaryň ýolunda jebisleşdirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giň gerim bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar watansöýüjiligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar. Bu şanly sene ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň durmuşynda hem uly ähmiýete eýe.
Konstitusiýamyzda milli ykdysadyýetimizi häzirki zaman bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmegiň binýady berkidilýär. Esasy Kanunymyzyň «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly VII bölüminde ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy hakynda kadalar kesgitlenip, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi bellenilýär. Konstitusiýamyzda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, Türkmenistanyň ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýändigi, bu hukugyň kanun bilen goralýandygy hakyndaky kadalara aýratyn orun berilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda telekeçilik işini goldamaga, işewürligiň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň tutuş toplumy kabul edildi. Muňa mysal hökmünde «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamagyň kanunçylyk çygry yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň esasynda kiçi we orta telekeçiligi, ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny goldamak, höweslendirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol işleriň ajaýyp miweleri milli ykdysadyýetiň düzüminde paýy barha artýan hususy pudagyň sepgitlerinde aýdyň görünýär.
Döwletimiz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmek üçin zerur bolan kanunçylyk binýadyny berkidýär. Ýurdumyzyň salgyt ulgamy hem hususyýetçiler üçin uly ýeňillikleri üpjün edýär. Az göterimli karzlar, önümçilik işi we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleriň uzak möhletleýin bölünip berilmegi ýaly şertler ýurdumyzda hususy pudagy goldamak ugrundaky tagallalaryň aýdyň mysallarydyr. Şeýle mümkinçilikler milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň sazlaşykly ösmegini şertlendirýär, telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Häzir türkmen telekeçileri dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan iri forumlara, sergilere yzygiderli gatnaşyp, halkara giňişlikde Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler. «Türkmenistanda öndürilen» diýen haryt nyşanly önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Telekeçilerimiziň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri halkara sergi-ýarmarkalarda abraýly baýraklara mynasyp bolýarlar. Bularyň ählisi özleri hakynda edilýän aladalardan, döredilýän mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödemek üçin tutanýerli zähmet çekýändiklerini, diňe bir içerki sarp edijiler üçin önüm bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna hem uly goşant goşýandyklaryny tassyklaýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem şanly ýylymyzyň senenamasynyň ýene bir röwşen sahypasy hökmünde il-ulsumyzyň jebisligini, agzybirligini has-da pugtalandyryp, ösüş-özgerişlere buýsanjymyzy, döredijilikli zähmete hyjuwymyzy artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda gurmagyň we döretmegiň rowaç ýolundan okgunly öňe barýan eziz Watanymyzyň abraýy mundan beýläk-de beýgelip, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy dowamat-dowam bolsun! Berk binýatly döwletimiziň abadançylygynyň hem-de baky bagtymyzyň nyşanyna deňelýän ýaşyl tugumyz elmydama belentde parlasyn!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.