Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BERKARAR DÖWLETIŇ HUKUK BINÝADY

Täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň hukuk binýady has-da berkidilýär. Her ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly dabaralara, taryhy pursatlara beslenýän günlerinde bellenilýän bu ajaýyp baýramçylyk halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň hem-de asuda, bagtyýar ýaşaýşynyň dabaralanmasydyr. 

Bilşimiz ýaly, berkarar döwletimizide kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň esasynda ýurdumyzda adamlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenilendir. Şonuň esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilendir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet ähmiýetli iş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Baş kanunynymyzyň degişli maddasyndan ugur alnyp, her bir kabul edilýän kanunçylyk namalarynda adamyň bähbidi ileri tutulýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň bilelikde baýram edilmeginde-de çuňňur many bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň parahat, asuda, ajaýyp ülkesinde eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyz bir Tuguň astynda beýik döwlete gulluk edýär. Döwlet berkararlygynyň, il bagtyýarlygynyň berk binýady bolsa konstitusiýadyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, birnäçe işler alnyp barylýar.  Bu babatda türkmen telekeçileri hem birnäçe işleri alyp barýarlar. Raýatlara hukuk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hususy notariuslaryň, aklawjylyk hyzmatlarynyň kanuny esasda ýola goýulmagy muňa aýdyň mysal bolup biler. Şeýle hem häzirki wagtda gozgalmaýan emläge bolan geleşikleri we beýleki hyzmatlary ätiýaçlandyrmak raýatlaryň emläk goraglylygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Bu babatda ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hem hususy ätiýaçlandyryş guramalary netijeli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa berkarar döwletimizde raýatlaryň hukuklarynyň we azatlayklarynyň goralmagyna uly ýardam edýär.  Demokratik ýörelgelere daýanýan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän şeýle giň möçberli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.  

Halkymyz irki döwürlerde Tugy aýratyn mukaddeslik hökmünde sarpalapdyrlar. Häzirki wagtda bu asylly ýörelge belentden dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwlet Baýdagy milletimiziň mukddesligi bolup durýar. Tuga belent sarpa goýýan halkymyz bu şanly baýramlary uly toý ruhuna besleýär. Şanly toýlaryň dünýä dolýan günlerinde ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çagyryş ligasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» futbol toparynyň ýaryşyň kuboguna myansyp bolmagy halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle derejeli ýaryşlarda ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, ata Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýan «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi döwletli toýlaryň dabarasyny dünýä ýaýdy. Berkarar döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giň gerimde toýlanylýar. TSTP-niň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan hem şanly toý mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi. Olaryň dowamynda bagtyýar telekeçiler ata Watanymyzyň halkara abraýyny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan edýärler. 

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gtulaýarys. 

Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary, öňde goýan belent maksatlary rowaçlyklara beslensin! 

Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.