Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÝAZ GÖWÜNLI ZENANLAR — ZEMINIŇ GÖRKI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni berkarar Watanymyzda ýaz göwünli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatynyň belentde tutulýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Eziz Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegi üçin uly işler amala aşyrylýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda, Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikler döredilýär.

Baharyň ilkinji günlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlaryna — mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza pul sowgadyny bermek hakdaky Karary köňüllerde egsilmez şatlyk döretdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk sowgadynyň gowşurylyş dabaralary geçirilýär. Bu dabaralarda eneleriň ýüzündäki nurly ýylgyryşlarda, körpeje gyzjagazlaryň şatlygynda durmuşyň, zamananyň gül keşbi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bagtyýarlygy şöhlelenýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi, ilkinji nobatda, eneleriň bagtyýarlygyny, çagalaryň şat gülküsini, öý-ojaklaryň abadançylygyny aňladýar.

Nurana baýramyň bosagasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde dürli dabaralar, medeni çäreler geçirilýär, bäsleşikleriň jemleri jemlenýär. 1-nji martda martda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň hem jemi jemlendi. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygynyň, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň döwrebap röwüşde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Asylly däp esasynda geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigi zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly asylly maksatlardan ugur alnyp guralýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan ezber zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik we medeni-köpçülikleýin işlerde gazanan üstünlikleri öwrenilip, olardan şanly ýylda sungatda, döredijilikde, telekeçilikde, oba hojalygynda, bilim ulgamynda, işewürlikde, harby we hukuk goraýyş işinde, halypa-şägirtlik ýörelgesini kämilleşdirmekde has tapawutlananlary degişli ugurlar boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň telekeçi zenany», «Ýylyň halypa zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Daýhan zenanyň yhlasy» diýen ugurlaryndan görnüşi ýaly, türkmen zenanlary tutanýerli hem-de yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda ähli ugurlardaky gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki döwürde hususy pudakda zähmet çekip, işewürligiň täzeçil usullaryny özleşdirýän, önümçilik, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda öňdebaryjy kärhanalara ýolbaşçylyk edýän telekeçileriň, hatda ekin ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine alyp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän hususyýetçi daýhanlaryň hatarynda hem zenanlaryň hem köpdügini buýsanç bilen belläp bileris.

2025-nji ýylyň Halkara zenanlar gününiň musulman dünýäsinde mübärek aý hasaplanýan Oraza aýyna gabat gelmegi hem özboluşly many-mazmuna eýedir. Bu sazlaşygyň özeninde päklik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, iň esasysy-da, parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik hakdaky düşünjeler durýar.

Toý-baýramlara beslenýän ajaýyp günlerde türkmen zenanlary özlerine belent sarpa goýýan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz sagbolsun aýdýarlar. Bizem ýaz göwünli enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara mundan beýläk hem tükeniksiz bagt hem rowaçlyk arzuw edýäris!

Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.