Türkmenistanyň Konstitusiýasy mukaddes Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, türkmen jemgyýetiniň sarpalanýan gymmatlyklarynyň, Watanymyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň, milli mirasymyzdan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň bir ýere jemlenen beýanydyr. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýatlaýyn resminamasy bolup durýar. Ol jemgyýetçilikdir döwlet gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny, borçlaryny kesgitleýär. Konstitusiýamyzyň esasy aýratynlygy onuň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun esasynda kepillendirilmegine gönükdirilendigindedir. Çünki adam, onuň hukuklary we erkinligi türkmen jemgyýetiniň baş gymmatlygydyr. Bu hakykat kanunyň hökmürowanlygy ykrar edilen ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerinde aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi, raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilýändigi we jemgyýetçilik birleşikleriniň kanunyň öňünde deňdigi beýan edilýär. Bu kadalar döwletimiziň demokratik döwlet hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adama söz azatlygy, Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukuklary görkezilendir. Şeýle-de raýatlara jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, hem-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukugy maddalar bilen berkidilendir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň konstitusion kepillikleri ajaýyp geljege, ösüşli ýollar bilen öňe gitmäge uly ynam döredýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde döwlet derejesinde baýram edilmeginde hem uly many bar. Esasy Kanunymyz hem-de Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwrümizi, beýik geljegimizi hem-de mizemez jebisligimizi alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr. Her bir halkyň özboluşlylygy onuň guran döwletiniň nyşanlarynda saklanýar. Ol bolsa ynsanlaryň ata Watanyna wepalylygy, söýgüsi, kanuna esaslanýan hyzmaty bilen kesgitlenýär. «Watan», «Döwlet», «Raýat» düşünjeleri sarsmazlygyň binýadyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlaryň adalatly ýerine ýetirilýän ýurdunda Döwlet baýdagymyz belentden belent parlasyn!
Jahan GURBANDURDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgäri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.