Tebigat, daşky gurşaw bilen ynsanyň berk baglanyşyklylygy hakyndaky hökmürowanlyga görä, her bir milletiň medeniýetiniň, sungatynyň gözelligi, dünýägaraýşynyň giňligi ýaşaýan ýeriniň tebigy öwüşginlerine gönüden-göni baglydyr. Türkmen tebigaty-türkmen milletiniň baý hem köpöwüşginli medeniýetiniň ylham çeşmesidir, milli gymmatlyklarymyzyň gözellik genjidir. Ony goramak, «Ýagşydan at galar» diýlişi ýaly, geljek nesillere miras goýmak baradaky çuň pelsepä ýugrulan däplerimiz hem halkymyzyň buýsanjydyr.
Ata-babalarymyzyň geljek nesiller üçin miras goýan, ekip ýetişdiren baglary gözlerimiziň guwanjydyr. Ülkämiziň köp ýaşan belli agaçlary biziň köňlümize saýa salýar. Arçabildäki «Ýedi dogan» çynary, Garry Nohur obasyndaky köp ýaşly çynarlar, Köýtendagdaky belli arnap baglary, Daşoguz welaýatyndaky garry güjüm agaçlary we başga-da birnäçe baglar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr.Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we tebigaty goramak, howanyň ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek meselesine-de aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, demir we gara ýollaryň gyralaryny, derýalaryň kenarlaryny, obadyr şäherleriň daşyny dürli görnüşli saýaly, pürli, miweli baglar bilen bezemek işi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy üns berýän meseleleriniň biridir.
Tut agajynyň ýasy ýapraklary howadaky tozanlary özüne siňdirip, howanyň arassalygyny üpjün etse, onuň ýeriň jümmüşine aralaşan kökleri ýerasty suwlaryň ýokarlanmagynyň, topragyň süýşmeginiň öňüni alýar. Onuň goýy saýasy tomsuň jöwzaly, epgekli gyzgyn howasyny birnäçe dereje peseldip, adamlaryň gezelenç etmegi üçin amatly howa gurşawyny döredýär. Bu agajyň ýapragy ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmitidir. Şu ýylky bag ekiş möwsüminde hem tut nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar.
Her ýylda 3 million bag nahallaryny ekmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Tokaýçylyk pudagyndan alynýan umumy önüm ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam eder. Ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda alynýan hasylyň özüne düşýän gymmaty peseler, topraklaryň hil görkezijisi we onuň gymmaty ýokarlanar, ekin we öri meýdan dolanyşygy gowulanar. Ýurdumyzyň tokaýlaşdyrylmagy saglygy dikeldiş we syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrar, agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk çig malyny ýygnamagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat eder.
Tokaýlar gözellik, dynç alyş we beýleki durmuş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Türkmen daglaryna asyrlaryň dowamyndaky gözelligini gaýtaryp bermek maksady bilen dag tokaýlarynyň döredilmegi dag tebigatynyň görküni has-da artdyrdy. Köpetdagda döredilen arça tokaýlyklary özüniň göze gelüwliligi, tämizligi bilen emeli döredilen dag tokaýlygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Daglyk sebitlerde tokaýlaşdyrmak işleriniň giň möçberde geçirilmegi sil hadysasynyň, dag eňňitlerinde topragyň ýuwulmagynyň öňüni almaga, topragyň yzgarlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna, çeşme suwlarynyň gorlarynyň artmagyna, düme ekerançylygy üçin amatly şertleri döredýär.
Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly giň göwrümli ylmy kitabynda bu ösümlikleriň, baglaryň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri hem bagçylyk we gülçülik pudagyny ösdürmek, landşaft bezegi babatda hyzmatlary hödürlemek boýunça göreldeli zähmet çekýärler. Bu babatda «Parasatly» daýhan hojalygynyň, «Has» hususy kärhanasynyň, «Nurly meýdan», «Ýaşyl mekan» hojalyk jemgyýetleriniň tejribelerini görkezmek bolar. Olar milli hünärmenler we daşary ýurtly alymlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap, bagçylyk, gülçülik boýunça ylmy gazanylanlary, seçgiçilikdäki üstünlikleri netijeli ulanýarlar. Netijede, bezeg ösümlikleriniň we miweli agaçlaryň täze sortlary ýurdumyza ornaşdyrylýar.
Ýaş nahallaryň görnüşlerini saýlap almak, olary ýetişdirmek, oturtmak hem-de ideg etmek boýunça işler ylmy barlaglar esasynda işlenip düzülen agrotehnikanyň talaplaryna we ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu babatda oba hojalykçy alymlarymyzyň, bu ugurda işleýän ylym-bilim ojaklarynyň hem tagallasy uludyr.
Baglary, tokaýlary ýetişdirmek, şu maksat bilen bag ekiş möwsümlerini guramaçylykly, netijeli geçirmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň, halkymyzyň durmuşy üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasyna uly ähmiýet berilýär.
Tebigat gözelliklerini gorap saklamak we ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.