Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

WAJYP WEZIPELER KESGITLENILER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Şu günler jemgyýetimizde möhüm wakalara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berendigini aýtdy. Şeýle hem Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeleriň we beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp, şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigine mejlise gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Şonuň ýaly-da, mejlisde degişli resminamalar kabul edildi. Türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şanly wakalara barýar.

Röwşen GELDIMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.