Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol» atly maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň maksady milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakdan, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da gowulandyrmakdan we abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda esasy ugurlaryň biri-de telekeçiligi ösdürmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Biziň öňümizde milli ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösdürmek boýunça giň gerimli strategik wezipeler durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin telekeçiligi goldamak, telekeçileriň hukuklaryny goramak üçin yzygiderli işler dowam etdirilýär. Hususy pudaga şeýle goldawy bolsa diňe kuwwatly, adalatly we durnukly ösýän döwlet berip biler» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen telekeçileri ýokary hilli azyk, gurluşyk we beýleki önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýär.

Hakykatdan hem, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösdürilmeginde ýaş telekeçileriň hem paýynyň bardygyny bellemek gerek. Sebäbi döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

TSTP