Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesilleriň aladasy durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muny Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanşykly şahyrana şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň görýäris.
Magtymgulynyň döredijiliginde ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar täsirli beýan edilýär. Şahyr il-güni sylamagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. «Akyl olsaň ýagşylara hemden bol, Akmak özüni nadan bilen ýar eýlär» diýmek bilen, ýagşylyk etmegi ündeýär. Şahyr halkyň agzybirligini wasp edip, iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini giňden wasp edýär. Söz ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan närse bolup, oňa juda seresaply çemeleşmeli. «Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez» diýen nakyl hem biziň sözleýiş medeniýetinde gaty sypaly, ägä bolmalydygymyzy ýatladýar. Sözden birek-birege ýylylyk, ýakynlyk, mähribanlyk duýgusy aralaşmalydyr. Magtymguly Pyragynyň «Sözläbilseň ýagşy sözle; Halk ýamanyň bizarydyr» diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar.
«Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýip şahyry sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň özüniň, «Älem içre at gezer», ,«Döwlet guşy» ýaly kitaplarynda akyldaryň döredijiligi giňden beýan edilýär.
Maslahatda çykyş edenler ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerden gözbaş alýan milli mirasymyzy içgin öwrenmegi, olary halkara ylmy jemgyýetçilige ýetirmegi döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler!
TSTP