Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HAZYNANYŇ TÄZE MERJEN DAŞY

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şan­ly Ga­raş­syz­ly­gymyzyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň hatarynda Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­rynyň tarapyndan gur­lu­şyk­ iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de alnyp bar­ylýan birnäçe binalar bar. Ola­ryň bi­ri-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Täh­ran kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän söw­da we dynç alyş, işe­wür­lik mer­kez­in­den hem-de döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan yba­rat bo­lan bi­na­lar top­lu­my­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özi Kö­pet­da­gyň ete­gin­de bi­na edil­ýän bu top­lu­my «Aş­ga­bat» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy mas­la­hat ber­di. 

Bu bi­nanyň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi, paý­tag­ty­my­zyň iň gö­zel ýe­rin­de ýerleşip bi­na­gär­lik keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­di­rer. Toplumyň gur­lu­şy­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Be­ýik bi­na» hu­su­sy kär­ha­na­sy alyp barýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň berýän maglumatlaryna görä:

Umumy ýer böleginiň tutýan meýdany 32,0 gektardan ybarat bolup. Şol sanda:

  1. 4 gatly söwda we dynç alyş  merkeziniň beýikligi 29,10 metr bolup:
  • Dükanlar –­­­ 253 sany;
  • Supermarket – 1 sany;
  • Bedenterbiýe we medeni sagaldyş toplumy – 1 sany;
  • Işewürlik merkezi – 25 sany;
  • Kafe–Fudkortlar – 27 sany;
  • Gözellik salony–Dellekhana – 4 sany;
  • Dynç alyş we güýmenje mekanlary – 9 sany (buz meýdançasy, kinoteatr, bouling, bilýard we ş.m.);
  1. Döwrebap 5 sany ýaşaýyş jaýy bolup, A,B,C,D,E bloklardan ybarat.
  • A we E bloklar 11 gatly bolup, beýikligi 57,30m, her biri 20 öýli, jemi 40 öý;
  • B we D bloklar 14 gatly bolup, beýikligi 70,50m, her biri 26 öýli, jemi 52 öý;
  • C blok 17 gatly bolup, beýikligi 83,70m, 32 öýli;
  1. ­Işewürlik merkezi 6 gatdan ybarat bolup, beýikligi 31,90m;
  2. Toý mekany beýikligi 22,2m bolup, 2 gatdan ybarat;
  3. Söwda we dynç alyş merkeziniň 354 orunlyk 2 sany ýerasty awtoduralgasy;
  4. Döwrebat ýaşaýyş jaýynyň 147 orunlyk ýerasty awtoduralgasy;
  5. Sport meýdançasy – 2 sany – 1978,0 m2;
  6. Çagalar üçin meýdança – 5 sany – 1156,0 m2;
  7. Umumy meýdany 447,53m2 bolan kafe bar.

«Aş­ga­bat» söw­da we dynç alyş, işe­wür­lik mer­ke­zi paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­tagün­ba­tar bö­le­gin­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­ tapgyrynyň çäk­le­rin­de gur­lan dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň öz­bo­luş­ly do­wa­my­na öw­rü­ler. Paýtag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky tapgyrynyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň hem do­lu­ly­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne yna­nylan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­satna­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­mak bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar. Öz­le­ri­niň önüm­çi­lik we hü­när kuw­wa­ty­ny ýyl­ sa­ýyn art­dyr­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri dür­li ugur­lar­da, şol san­da gur­lu­şyk ul­ga­myn­da üs­tün­lik­li iş­läp, äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry us­sat­lyk görkez­ýär­ler. «Aş­ga­bat» işe­wür­lik top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gyn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­lap­la­ry we ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Bi­na­gär­lik top­lu­myn­da «akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar.

Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklanyp, paýtagtymyza amala aşyrýan iş saparlarynda baş şäherimizi gözel mekana öwürmek üçin özüniň birnäçe tekliplerini berýär. Ýollaryň gurluşygyna, desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, inženerçilik-tehniki desgalara, ýaşaýyş-durmuş binalaryna, köçeleriň yşyklandyrylyşyna, dynç alyş zolaklarynyň döredilişine, şonuň ýaly-da, bu düzümleri gür baglyga, gülzarlyga öwürmek babatdaky işlere aýratyn üns berýär. Paýtagtymyzda gysga döwürde amala aşyrylan beýik işler hem-de berkararlygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşany hökmünde şöhratly döwri alamatlandyrýan köşkler, kaşaň binalar özüniň owadanlygy, ajaýyp tebigaty, çuň pelsepewi many-mazmuny bilen akylyňy haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň günortasynda seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň eteginde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde gysga döwrüň içinde gurlan halkara derejeli gür baglyga bürenýän şaýollary, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalaryny, saglygy goraýyş desgalaryny synlanyňda, hormatly Arkadagymyzyň öz halkyna eşret mekanyny peşgeş edýändigine magat göz ýetirmek bolýar. Şäheriň daşky umumy görnüşiniň çeperçilik-estetiki taýdan oňyn çözülmegi, binalaryň ak mermere örtülmegi, bularyň ählisi özboluşly owadan sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzdaky binalaryň agramly böleginiň, ýagny, köşk toplumlaryndan, edara we ýaşaýyş jaý binalaryndan başlap, mekdeplerdir çagalar baglaryna çenli ähli desgalaryň ak mermer bilen örtülmegi, ajaýyp binagärligiň döredilmegi, tebigatyň gözel görnüşiniň kemala getirilmegi mähriban Arkadagymyzyň çuň paýhasynyň aýdyň netijeleridir. Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň durmuşyna ser salanyňda, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň görünýär.

Goý, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni