Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ähli babatda ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde tutýan paýyny artdyrmak döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileni bäri, türkmen işewürleri ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegini, öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýany we innowasiýany önümçilige ornaşdyrmak arkaly içeri we daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Mähriban Arkadagymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoludygyny nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň ugurlarynyň we ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini, olaryň giň gerimli maýa goýum taslamalaryny, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişlikde mynasyp orun eýelemek bilen, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary basgançaklaryna çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýyny barha ýokarlandyrmagyny üpjün etmäge zerur şertleri döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen telekeçilerine berýän goldawy bimöçberdir. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň sanynyň barha artmagyna, içerki bazaryň haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýäniň iň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Bu ösüşlerde, ýetilen belent sepgitlerde ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda amala aşyrylýan işleriň hem mynasyp paýy bardyr.
TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň hasabatçysy - Aýsoltan Gurbanowa