Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulyp, döwlet derejesinde şygryýet baýramçylygy bellenilip geçilýär. Munuň özi diňe bir beýik akyldara goýulýan sarpa bolman, eýsem, geçmişde ýaşap geçen ähli söz ussatlarymyza goýulýan sarpadyr, hormatdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň milli we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärligi gurulýar. Beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginde 13,5 gektar meýdana bag ekildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, nesip bolsa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçiler. Bu bolsa dana atamyz Magtymguly Pyraga, medeniýetimize hem sungatymyza bolan sylag-hormatyň nyşanydyr.
Magtymguly Pyragynyň asyrlar boýy arzuw eden zamanasy, bagtyýar illeriň asuda parahat durmuşy bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletde gaýnap joşýar. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýäniň ençeme ýurtlarynda öwrenilýär, okalýar. Onuň golýazma mirasy köp ýurtlarda saklanylýar. Magtymguly Pyragy-ähli döwürleriň şahyry onuň eserleri tutuş adamzat üçin gymmatly gollanmadyr, agzybirlik we watansöýüjilik mekdebidir. Şahyryň eserlerinde duş gelýän köp sanly parasatly sözler, ganatly jümleler türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny, milli tebigatyny açyp görkezýän gymmatly aňlatmalardyr. Halkyň milli pelsepesini özüne siňdirip, öz zehin eleginde taraşlan şahyryň jaýdar jümleleri halkyň durmuş ýörelgesine, atalar sözüne, nakyllara öwrülip ýygy-ýygydan ulanylýar. Akyldar şahyryň dürdäne setirleri, diňe bir türkmeniň aňynda däl, eýsem olary okan her bir ynsanyň kalbynda baky orun alyp ýaşaýar. Şahyryň döredijilik dünýäsi düýpsüz ummany ýadyňa salýar.
Güneşli diýarymyzyň ähli ýerinde Jemşidiň jamyna deňelýän, paýhas ummany, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan okuw maslahatlary, dabaraly çäreleri giň gerimde geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti hem çetde durmaýar. Akyldar şahyrymyza bagyşlanan çäreleri meýilnama esasynda hususy kärhanalarda, orta hünär okuw mekdeplerinde, ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirýär. Bu geçirilýän çärelerde Akyldar şahyrymyzyň goşgularyny höwes bilen okalýar. Türkmen halky özüniň söýgüli şahyrynyň goşgularyny ähli döwürlerde hem okap, ondan nusga alypdyrlar. Akyldar şahyryň goşgulary adamy ruhlandyrýar, kalbyňy tämizleýär, olary okan adam akyl gämisinde ýüzen deý bolýar. Magtymguly Pyragy öz halkyny jany-teni bilen söýen, hemişe olaryň aladasy bilen ýaşan şahyrdyr. Şahyryň goşgularynda agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, arassa ahlaklylyk ussatlyk bilen beýan edilendir. Bu bolsa ýaş nesili edepli, arassa ahlakly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, öwüt-ündew bermekde uly ähmiýete eýedir. Muny şahyryň “Gidiji bolma” diýen goşgy setirlerinde-de görmek bolýar.
Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý
Watany terk edip gidiji bolma,
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma .
Ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde Akyldar şahyrymyzyň “Otur-turuşun görüň” diýen goşgy setirlerini
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz
Märekede otur-turşuny görüň
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz
Owal ykrarynda durşuny görüň
ýa-da “Durasyň geler” goşgusyny aýtmak ýerlikli bolar
Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyn hyzmatyňda durasyň geler,
Edepli,erkanly,mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
Şol gözeliň syýa zülpüň örmeli,
Döküp,hazynanyň zerin bermeli,
Anyň söwdasynda bolasyň geler.
Külli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bize miras goýup giden goşgulary, niçeme asyrlar geçen hem bolsa , barha öwşün atyp, kalplara nur çaýýar. Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilige hem ynsanperwerlige ýugrulan kämil goşgulary adamzadyň aňynda müdimi ýaşamagyny dowam edýär.
Magtymguly, sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň
Taraşlap şaglatgyn köňle geliniň
Senden soňkulara ýadygär bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini içgin öwrenmäge, şahyryň şygyrlarynyň many-mazmunynyň gymmatyny äleme ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Leýla Rejepowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy