Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy işewürleriň gazanýan köpugyrly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ödebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, pugtalandyrmagyna harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin tehnologiýanyň soňky gazananlarynynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklarynyň işini üstünlikli ýola goýmaklyga uly itergi berýär. Welaýatymyzyň hususyýetçileri hem döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap berýärler. Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde gurluşyk serişdelerini we gipsikartony öndürýän kärhananyň işe girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Akgaýa” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Umumy tutýan meýdany 25 gektara barabar bolan döwrebap kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary islege eýe bolan gipsokartonyň 4 million inedördül metrini, gury gurluşyk garyndy srişdeleriniň bola 5 müň tonnasyny öndürmäge mümkiçilik berýär. Kärhanada ýerli çig mal serişdesi Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Hytaýyň hem-de beýleki döwletleriň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan döwrebap enjamlarynyň kömegi bilen gaýtadan işlenilip, taýýar önümler görnüşine getirilýär. Häzirki wagtda 40 adam zähmet çekýär. Kärhanada öndürilýän gipsokartan önümleri Russiýa Federasiýasy, Eýran, Owganystan, Gazagystan ýaly döwletlere eksport edilýär. Öndürijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýdýan kärhananyň hünärmenleri şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.
Baýmyrat Tuwakow