Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Türkmen eksporty ösüş ýolunda

Şeýle at bilen golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynyň dolandyryş binasynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat gümrükhanasynyň bilelikde guran bu maslahatyna degişli edara-kärhanalaryň, gulluklaryň wekilleri, telekeçiler, hususyýetçiler gatnaşdylar. Maslahaty TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow açdy. Soňra welaýat gümrükhanasynyň işgäri, uly leýtenant Döwlet Baýmyradow, Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Narly Mämmedow, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet gözegçisi Laçyn Sapardurdyýewa, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Bekmyrat Piriýew, «Altyn tug» hususy kärhanasynyň baş hasapçysy Rejepdurdy Kakabaýew dagy gün tertibindäki mesele boýunça giňişleýin çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň uly aladalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm girdeji çeşmeleriniň biri bolan eksportyň, ýagny özümizde öndürilen önümleriň daşary ýurtlaryň bazarlaryna çykarylýan möçberini artdyrmaga oňaýly şertler döredildi. Munuň üçin bu ugruň hukuk taýdan üpjünçiligi has-da berkidilip, önüm öndürýän telekeçilere onuň bilen meşgullanmaga giň ýol açyldy. şonuň ýalyda, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagynyň, hiliniň ýokary, ekologiýa taýdan arassa bolmagynyň gazanylmagy babatda degerli goldawlar berilýär. şeýle düýpli mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň telekeçileri, hususyýetçileri öz işlerini döwrüň ýokary talaplaryna laýyk guramaga çalyşýarlar. Şeýlelikde, soňky ýyllarda olaryň öndürýän önümleri diňe bir görnüşleriniň we möçberleriniň artandygy bilen däl, eýsem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply derejelere çykandygy bilen hem tapawutlanýar. Muny «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mysalyndan hem görmek bolýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň we beýleki gök önümleriň köp mukdary daşary ýurtlara goýberilýär. Munuň özi kärhananyň, şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant bolýar. Elbetde, welaýatymyzyň telekeçileriniň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň gerimini ýene-de giňeltmäge mümkinçilikler bar. Olardan ýerlikli peýdalanyp, mundan beýläk has-da öndürijilikli zähmet çekmek talap edilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri has köp öndürmek we olary daşary ýurtlara ibermek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi milli ykdysadyýetimiziň ýene-de gülläp ösmeginiň derwaýys şertleriniň biridir.

“Daşoguz habarlary” gazeti 09.02.2021ý.