2021-nji ýylyň 19-nji fewralynda “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Hususy telekeçileriň arasynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini berkitmek maksady bilen, “Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – Türkmen Bagtyýarlygynyň goşa ganaty” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahaty TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa Ilki bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Telekeçi Rowşanow Batyryň işjeň partiýa agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam berilmegine, esasanam Mähriban Arkadagymyzyň alyp baýran syýasatlary dogrysynda hem-de Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetinde çuň özgerişleriň bolup geçmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegine we mundan beýläk hem pajarlap ösmegine giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has-da artyp, onuň sebitde we dünýäniň dürli yklymlarynyň döwletleri bilen hoşmeýilli gatnaşyklary özboluşly sazlaşyga eýe boldy. Soňra Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, kiçi we orta işewirligi ösdürmäge ýardam etmek maksatnamasy boýunça ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň tapgyrlaýyn esasynda azaltmak hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwadyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsleşikde ukyplylygyny ýokarlandyrmagy dogrysynda aýdylyp geçildi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.
Durdymyrat ATAÝEW