Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin-de uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we durmuşa geçirýän maksatnamalary esasynda hemişe täzelikleriň gözleginde bolýan telekeçi işewürlerimiziň ümzügi ileri. Mes toprakdan hasyl alyp, bazarlarymyzy gök we bakja önümleri bilen doldurýan daýhan birleşiklerine we bu ugurda zähmet çekýän işewürlerimize topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, durmuşa geçiriljek taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, ýeňillikli karz serişdelerini bermek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe kararlar kabul edildi.
Dünýäniň çar künjüne «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli önümlerimiz Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şunda bolsa hususyýetçilerimiziň bitirýän işleri uludyr. Bu gün iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň artmagyna goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary telekeçilik işiniň uly güýji bolup durýarlar.
Garaşsyz Watanymyzyň 31 ýylyň içinde ýeten belent derejesi, milli ykdysadyýetimizde gazanylýan deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişler bu gün dünýäni haýran edýär. Ak mermere beslenen beýik binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, aýna ýaly şaýollary, dynç alyş we söwda merkezleri, suw çüwdürimli seýilgähleri, gök zolaklary bilen gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen paýtagt şäherimiz Aşgabat, welaýatlarda dörän täze oba-şäherler, gurlan kaşaň ymaratlar milli Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtydyr. Bu işlerde watansöýüji telekeçilerimiziň mynasyp paýy bar. Hususy kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, telekeçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň belentliklerine eýe bolmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda» öňde goýlan möhüm wezipelerini amala aşyrmakda türkmen telekeçileri çuňňur ylmy garaýşyny we joşgunly zähmetini gaýgyrmazlar. Telekeçilik işini ösdürmek, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, haryt dolanyşygyny giňeltmek, hususy işewürlik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Telekeçilik işiniň halkara ugrunyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy türkmen işewürleriniň dünýä tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirýärler.
Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we telekeçilere goldaw bermek maksady bilen 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekmegi önüm öndürijileri joşgunly zähmet çekmäge atardy. Şeýle möçberdäki pul serişdesiniň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de gönükdirilendigi guwandyryjy wakadyr. Azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly güýç bolup durýarlar. Bu bolsa olarda Arkadagly Serdarymyzyň we bagtyýar halkymyzyň beýik ynamynyň jemlenendigini aňladýar. Ýurdumyzda ýokary hilli önümleri öndürýän hususy ulgama uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Durdymyrat ATAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary