Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: ÝETILEN SEPGITLER, GELJEKKI UGURLAR

Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu gün ýurdumyzda ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alýan hem-de olary täzeçil, döwrebap şertlere laýyklykda ösdürýän döwlet dolandyrylyşynyň milli demokratik nusgasy kemala geldi. Bu nusganyň esasy aýratynlygy döwlet bilen halkyň belent maksatlaryň daşynda jebisleşmeginden ybaratdyr. 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty ýene bir gezek äşgär etdi. 3-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi bolsa umumymilli forumda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri has-da berkitmäge itergi berer.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Halk Maslahaty ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysadyýet, maliýe, maýa goýum, ekologiýa, şähergurluşyk, daşary syýasat, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, bilim, ylym, nebitgaz, senagat, hususy telekeçilik ýaly dürli ugurlaryň geljegine dahylly möhüm wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyrmak üçin ilatyň iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi, halkymyzyň ruhy durmuşynyň, ýagny medeniýet ulgamynyň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän halkara syýasatynyň geljegi barada aýratyn belläp geçdiler. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny tassyklaýar.

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, sebitlerde ýüzlerçe täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, ildeşlerimiziň müňlerçesi olara göçüp bardy. Paýtagtymyz Aşgabatda we sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylmagy bolsa halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär.

Halkara gatnaşyklarda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan uly abraýa eýe bolup, dünýä ýüzünde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyz halkara bileleşigiň agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, geljekde-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Umumymilli forumyň yzysüre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin anyk işleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda netijeli çäreleri amala aşyrmaga haýal etmän girişmegiň zerurdygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem şu günler taryhy ähmiýetli forumda, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşyklaryny işjeň ýagdaýda alyp barýar. Olarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan hususy pudakda durmuşa geçirilýän işleriň mundan beýläk-de ilerlemegi üçin zerur bolan şertler, hususyýetçiligiň geljegi uly mümkinçilikleri hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle duşuşyklarda türkmen telekeçileri özlerine döredilýän giň gerimli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.

Bitewi maksatlar we agzybirlik halkymyza döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň daşyna jebisleşip, röwşen geljegi gurmaga ýardam eder. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.