Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÄHLI HALK MASLAHATY - GARAŞSYZLYK TOÝUNYŇ BUŞLUKÇYSY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda güneşli diýarymyzyň ähli künjekleri uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň toýlary-toýlara ulaşýar. Ynha ýene sanlyja günden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň uludan bellenilmegine garaşýarys. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisini il-halk bilen geňeşip, ýaşulylara sala salyp geçirmek däbe öwrüldi. Ýylyň ýylyna geçirilýän bu taryhy mejlise döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatyň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary hormatly ýaşulular gatnaşýarlar. 

         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy, ýiti öňdengörüjiligi bilen geçirilýän bu maslahatda köpýyllyk Maksatnamalaryň kabul edilmegi halkymyzyň ygtybarly geljegini kepillendirýän çözgütleriň çözülmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň şu günki ösüşini durnukly ýagdaýda saklamak, geljekgi ösüşi nazarlaýan wezipeleri orta atyp, ony üstünlikli durmuşa geçirmek esasy maksat bolup durýar. 

         Jemgyýetçilik durmuşymyzyň möhüm meselelerini üstünlikli çözmäge halkyň pikir isleglerini göz öňünde tutup, ulus ile sala salmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlaryň aýdyňlygy bilen şöhlelenmegidir. Milli ýörelgelerimiziň dowamatydyr. Çünki bu Maslahatda ilat arasynda at-abraýdan peýdalanýan adamlaryň gatnaşyp, agzybirlik bilen döwletli çözgütleri çözmegidir. Halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen bagly meseleleriň her biriniň kümüş şaçly enelerimiz, dana gojalarymyz bilen maslahatlaşylmagynyň özi hem aňrysy Oguzhandan gelýän türkmen halkynyň ýaşululara sala salnyp, olara hormat goýýandyklarynyň subutnamasydyr. Mahlasy barmak basyp sanaýmaly döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda, bedew batly ösüşlere beslenýän döwletimizde asyrlara barabar işler edildi. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, ýaşulylara sala salmak, ulyny sylamak, kiçä sarpa goýmak ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan dikeltdi, ata-babalarymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuw-islegleri bu günki gün hasyl boldy. Milliligimiz täzeçillik bilen utgaşdyrylyp, halkyň erk-islegini nazara alyp, ilatyň asuda parahat ýaşaýşy üpjün edildi. 

Bular bilen bir hatarda Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň içinde Türkmenistan döwletimiz özüniň bedew batly ösüşiniň netijesinde ähli ulgamlar boýunça hem dünýäniň iň ösen döwletleri bilen bäsleşýär.

          Häzirki wagtda ýurdumyzyň islendik künjegindäki obadyr şäherleri alsaň hem, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze çagalar baglary, mekdepleri, sport toplumlary, saglyk öýleri ilatymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we berkitmegi üçin anyklaýyş we bejeriş merkezleri, köp ugurly hassahanalar hiç bir ýurduňkydan kem däldir. Dynç almak üçin niýetlenen seýilgähleriň, çagalar meýdançalarynyň gurulmagy bolsa ýurdumyzda adamlar üçin edilýän aladanyň birinji ýerde durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

          Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyzda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler agzap geçerden diýseň kän. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, Şanly Garaşsyzlygymyzy gazananmyzdan soň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň milli hususyýetçileriň işiniň has-da ilerlemegine uly itergi berdi. Türkmen telekeçileri gysga wagtyň içinde ähli ugurlarda baý tejribe toplap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutýan «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen öndürilen önümleri diňe bir Türkmenistanda däl eýsem dünýä bazarlarynda hem  öz mynasyp ornuny tapdy. Önüm öndürmekde arassa, tebigy çig mallardan peýdalanylmagy bolsa, önümleriň gadyr gymmatyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Ak bazarlarymyzyň bolçulygy üpjün edildi, halkyň ösen islegine görä bäsdeşlige ukyply harytlaryň köpdürliligi artdyryldy. Türkmen hususyýetçileriniň ýyladyşhanalarda öndürilen önümleri bolsa ýylyň islendik wagty datly miwedir ir iýmişleri elýeterli bahadan satyn almaga mümkinçilik döretdi. 

          Türkmen telekeçileri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky edýän aladalaryndan ruhlanyp ýurdumyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan Garaşsyzlyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar, hususy pudagy ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky edilýän aladalardan ruhlanyp, zähmet çekýärler. 

Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.

Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Bu günki gün bu toýuň ýalkymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!

Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýyly tutumly toýlara beslensin!

Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiz!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.