Altyn güýzüň her bir güni bizi baş baýramymyz — Garaşsyzlyk gününe hem-de ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýakynlaşdyrýar. Şanly seneleriň öňüsyrasynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleri buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle ajaýyplyklar binýady berkden tutulan berkarar döwletimizde mähriban halkymyzyň merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap eýýamynyň hözirini görýändigine we röwşen geljege tarap ynamly barýandygyna şaýatlyk edýär.
Dowamatlylyk — bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň we döwlet syýasatynyň binýadynda durýan ýörelgedir. Hut şoňa görä-de, halkymyz ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirip, halk häkimiýetiniň häzirki zaman milli nusgasyny döretdi. Bu ýol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däp-dessurlarymyzy özünde jemleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimizde abadançylygy, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi mundan beýläk-de berkitmäge, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Milli demokratiýamyzyň asylly ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmakda we berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Hut şoňa görä-de, häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Halk Maslahaty, mejlisi, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýokary derejedäki taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki günlerde umumymilli forumyň ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek bilen birlikde, Halk Maslahatynyň mejlisinde ildeşlerimize wekilçilik etjek mynasyp wekiller saýlanyp alynýar. Taryhy ähmiýetli foruma Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň hem gatnaşmaklary buýsançly başymyzy göge ýetirip, ählimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çärelerine hususy pudagyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen çözgütleri kabul etmäge we olary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam eder.
Beýik akyldarymyz we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýyly taryhy wakalaradyr üstünliklere beslenýär. Berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän ähli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine, halk häkimiýetliliginiň berkidilmegine, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde gazanylan üstünlikleriň, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy mundan beýläkki ösüşlerimize badalga bolup, bagtly geljegimize uzaýan ýoly has-da nurlandyrjakdygyna berk ynanýarys.
Umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer başlangyçlaryň sakasynda duran, ýurdumyzda demokratik we hukuk gymmatlyklarynyň berkidilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.