Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ BINÝADY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasy ugrunyň maksatlaryny, durmuş-ykdysady ösüş ýollarynyň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini jemgyýetimizde giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetli orny bardyr. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda geçirilýän umumymilli forum döwletimiziň gazanan ösüşlerine baha berip, möhüm wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik döredýär. Watanymyzda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalyp, ýurdumyzy, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Halk Maslahatynyň mejlisleri mazmun taýdan ata-babalarymyzyň jemgyýetiň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmekde il sylagly ýaşulular, kethudalar, ylymly adamlar bilen geňeşmek, il-günüň pikir-garaýyşlaryny diňlemek we seljermek esasynda netijä gelmek ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren özboluşly demokratik ýoluna mahsus aýratynlygydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik aňyna oňyn täsir etmekde, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde hem aýratyn orny bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahaty möhüm orny eýeleýär. Umumymilli foruma ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekilleriň, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagy, olaryň hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diňlemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrýar. Halk agzybir, jemgyýet jebis bolanda, döwlet kuwwatly, ýurt abadan bolýar.

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.