Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI JEBISLIGIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen geňeşip çözmek ýaly türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesiniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi milli döwletliligiň binýadyny berkidýär. Döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köpasyrlyk tejribesine daýanýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan baý tejribesine, ruhy gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna esaslanyp, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halkyň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen, jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge degişli wezipeleriň halkyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda, dürli ýaşdaky we kesp-kärdäki ildeşlerimiz bilen maslahatlaşylyp çözülmegi milli demokratiýamyzyň nusgalyk ýörelgelerine esaslanýar. Köpasyrlyk milli däp-dessurlaryň dowam etdirilmeginiň jemgyýetiň binýadynyň berkliginiň esasy şertleriniň biridigi taryhy tejribe arkaly tassyklanan hakykatdyr. Halkymyzyň demokratik däpleriniň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýelemegi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, agzybir we jebis halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler ildeşlerimizi has-da jebisleşdirip, belent maksatlara ruhlandyrar. Agzybirlikde ýetilmeli menzilleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döreder. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda halka daýanyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berer.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.