Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar.. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň esasy özenine öwren “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülläp ösýän ýurda öwürmekde gazanylýan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2020-nji ýylyň güýz paslynyň ahyrynda Balkanabat şäheriniň golaýynda ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, işe girizilen döwrebap ýyladyşhana hem Arkadag Prezidentimiziň şeýle giň möçberli toplumlaýyn aladalarynyň ajaýyp miweleriniň biridir. Täze 2022-nji ýylyň, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň häzirki günlerinde bolsa bu döwrebap ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor hasyly ýygnalyp, içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar.
Uly Balkan dagynyň degresindäki gurply toprakly Düzmergen ýaýlasynda bina edilen bu häzirki zaman ýyladyşhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigini aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ulsumyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli gök önümler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün edilmegi, şunda hususy pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy babatda Gahryman Arkadygymyzyň edýän uly aladalaryna mynasyp goşant goşmak bu ýyladyşhananyň eýesi bolan işewür telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri bagtyýarlyk döwrümizde hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Sebäbi daşary ýurtlarda öndürilen ösen enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler kuwwatly tehnologiýalara, netijeli işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 4 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana täze iş orunlarynyň birbada altmyşa golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýyladyşhanada agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işi “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan şu ýylyň iýun aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. Şeýlelikde, ýyladyşhanadan tutuş möwsümiň dowamynda alynjak pomidor hasylynyň umumy möçberi bir müň tonna barabar bolar. Bu bolsa şu ýerdäki pomidor düýpleriniň her birinden möwsümiň dowamynda alynjak hasylyň 7 kilogramdan 17 kilograma çenli boljakdygyny tassyklaýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ýetişdirilýän pomidorlar mineral dökünler bilen baýlaşdyrylan suw bilen suwarylýar. Syzylyp çykýan artykmaç suw bolsa ýörite akarjyklaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, tejribeli telekeçiniň ýyladyşhanasynyň golaýyndaky bäş gektar meýdanda kemala getiren 5 müň 500 düýp dürli miweli agaçlaryny suwarmakda netijeli ulanylýar. Ussat telekeçiniň häzirki wagtda miweli baglaryndan 750 sany düýp garaly, 500 sany düýp ülje, 750 sany düýp alma, 250 sany düýp pisse, 750 sany düýp şetdaly, 500 sany düýp alça, 500 sany düýp çereşnýa, 250 sany düýp hurma, 500 sany düýp armyt, 750 sany düýp erik agaç nahallary ekilen, jemi 5 500 sany miweli baglary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu işleriň amala aşyrylmagy miweli agaçlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem oňyn mümkinçilik berýändigini ylmy tejribeler tassyklaýar. Şeýle-de alyp barýan işlerine döredijilikli çemeleşýän ezber telekeçi geljekde ýyladyşhanada ýetişdirýän gök önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi hem-de olardan alynýan önümler üçin gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýär. Ýyladyşhanada ýokary hil ülňülerine laýyklykda ekologiýa taýdan arassa ýetişdirilýän pomidor hasylyna diňe bir içerki bazarlarymyza däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär. Muňa ussat telekeçiniň bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan pomidorlarynyň Russiýa Federasiýasyna ugradylyp Başlanmagam doly şaýatlyk edýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda buýsançly gadam urýan halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçiniň döwrebap ýyladyşhanasynda şu günler hasyl ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Biziň Balkan welaýat partiýa komitetimiziň agzybir işgärleri bolsa bu ýerlerde bolup, ýerli telekeçileriň we ýyladyşhanada zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-ündew işleri yzygiderli alyp barýarlar. Ýyladyşhananyň agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Baýmyrat TUWAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri