Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY  ULGAMDA GAZANYLAN  ÜSTÜNLIKLER

         Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülen telekeçilik ulgamyny ýurt Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň biri hökmünde hasaplaýarys. Sebäp diýeniňde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Ýurdumyzda bolsa bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlendi. Örän oýlanyşykly kesgitlenip, anyk mümkinçiliklere, ylmy esaslandyrmalara daýanýan bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär. 

Döwlet derejesinde berilýän şunuň ýaly goldaw-hemaýatlaryň netijesinde, Balkan welaýatynda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky “Akgaýa” hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki “Giň dere”, “Zürýada hyzmat” hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli görnüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar. 

Welaýat merkezinde ýerleşýän “Batly gadam” hususy kärhanasy bolsa özüniň öndürýän ýokary hilli nah ýüplükleri hem-de jorap we jorap önümleri arkaly diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň bu görnüşlerini daşarky bazarlara hem yzygiderli ugratmagyň hötdesinden gelýär. “Parfiýa gurluşyk” hususy kärhanasynyň önümleri hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. “Demir ölçeg” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýän elektrik enjamlaryny satyn almak, ibermek, synagdan geçirmek, ulanmaga bermek, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ýöriteleşdirilen köpsanly tehniki hyzmatlar müşderileriň barha artýan isleglerinden peýdalanýar. Şeýle hem kärhanada elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. 

Balkanabat, Türkmenbaşy şäherleriniň, Magtymguly etrabynyň mes toprakly künjeklerinde gurlan hususy ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän dürli gök önümleriň diňe bir welaýat merkeziniň däl, eýsem, welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň ýaşaýjylarynyň hem supra-desserhanlarynyň rysgal-berekedini artdyrýandygyny bellemelidiris.

Türkmenbaşy etrabyndaky “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki plastmas poddonlar, ýagny ýükasty tekjeler halk hojalyk ýüklerini ýükläp düşürmekde, ammarlarda ýerleşdirmekde hem-de uzak wagtlap saklamakda wajyp ähmiýete eýedir. Plastmas poddonlar şeýle önümleriň agaç görnüşleri bilen diňe bir bäsleşmäge ukyply bolman, eýsem, birnäçe artykmaçlyklara hem eýedir. Şonuň üçin hem hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümlerine islegler durnukly ýokarlanýar. “Läle plastik” hususy kärhanasy hem ýerli çig maldan gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan polietilen torbalaryň, şeýle-de plýonkalaryň önümçiligini üstünlikli alyp barýar.

Türkmenbaşy etrabyndaky “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň öndürýän dürli azyk önümleri daşarky bazarlarda hem bäsleşmäge ukyplydyr.     

Gahryman Prezidentimiziň ýurduň altyn gaznasyna deňeýän telekeçileriniň alyp barýan şunuň ýaly köpugurly işleri Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizde importuň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmaga, eksport mümkinçiliginiň gerimini has-da giňeltmäge ýardam berýär. 

Balkanly işewürler Arkadag Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryny giňeldip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalaryna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Hususyýetçilerimiziň şeýle alkyş sözleri olaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk senesini toý serpaýly garşylap, ýubileý ýyly bolan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny guwandyryjy zähmet görkezijilerine beslemek babatdaky tagallalarynda hem mynasyp beýanyny tapar. Munuň özi şol bir wagtda, welaýatymyzyň telekeçileriniň barha golaýlaýan Täze ýyl baýramyna hem mynasyp sowgatlary bolar.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.