Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Rowaç ýollar

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine ýakyndan goldaw berip, hususy ulgamyň kuwwatyny artdyrmak üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Şeýle goldawdan we mümkinçiliklerden ruhlanýan telekeçilerimiz eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem hususy işewürleriň Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiniň nyşanyna öwrüldi.

Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, guýudyr ýap gazmak, bag ekmek iň sogaply işleriň hatarynda görülýär. Bularyň köpüsi Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 2019-njy ýylyň ýanwarynda başlanan gurluşygyna hem mahsus işlerdir. Halkara derejeli ýoluň uzynlygy 203 kilometre barabar bolan Aşgabat — Tejen böleginiň we onuň üpjünçilik desgalarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary «Altyn Nesil» hem-de «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, şeýle hem «Ata Melhem» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.

Awtobanyň gurluşygynda innowasion tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, ösen tejribeler, sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanyldy. Tehniki taýdan dünýä ölçeglerine kybap gelýän halkara derejeli awtoban hereket zolaklarynyň altysyndan ybarat bolup, onuň ugrunda ençeme inženerçilik-tehniki desgalar bina edildi we ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatlyklar üpjün edildi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy türkmen telekeçileri üçin gymmatly tejribe gazanmaga ýardam eder. Gurluşygy güýçli depginde dowam edýän ägirt uly taslama birnäçe ýylyň dowamynda ildeşlerimiziň müňlerçesini iş bilen üpjün eder. Mundan başga-da, şeýle iri göwrümli gurluşygyň taslamasyna gatnaşýan hususy kärhanalar tejribesini we mümkinçiliklerini has-da artdyryp, geljekde daşary ýurtly hyzmatdaşlardan hem buýurmalary alyp bilerler. Çünki şunuň ýaly taslamalary durmuşa geçirmek ýeňil iş däl. Türkmen işewürleri bolsa eýýäm bu ugurda ýeterlik möçberde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň, zerur tehniki serişdelerini üpjün etmegiň we gurluşyk önümlerini öndürmegiň oňyn tejribesiniň kemala gelendigini subut etdiler.

Bu gün türkmen telekeçileri asylly we sogaply işlere goşant goşýandyklary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdyp, buýsanç bilen zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti hem sebitiň hususy kärhanalarynda we hojalyk jemgyýetlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini wagyz edýän duşuşyklary hem-de dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Türkmen telekeçileri Diýarymyzda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edip, mundan beýläk hem ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we hyzmatlary ýola goýmak arkaly halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşant goşjakdyklaryna ynandyrýarlar.

Durdymyrat ATAÝEW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.