Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ýüreklerde Arkadaga buýsanç bar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir baýramçylyga, şanly senä gabatlap özüniň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän ajaýyp eseri halkymyza peşgeş berýär. Ine, halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýine hem ajaýyp sowgat taýýarlanyldy.           Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň beýik senäniň öňüsyrasynda geçirilen baýramçylyk mejlisinde “ Garaşsyzlyk bagtymyz” atly täze eserini ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Şu günler bolsa milli Liderimiziň bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. 

Arkadag Prezidentimiziň bu kitaby 13 bölümden ybaratdyr. Milli Liderimiziň döreden bu eseriniň türkmen, rus we iňlis dillerinde bolmagy eziz Watanymyzyň taryhy we Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýoly hem-de ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň doly tanyşmagyna mümkinçilik berýär. Kitabyň ýurdumyzyň durmuşynyň we ösüşiniň dürli ugurlary bilen bagly köpöwüşginli suratlar bilen bezelmegi hem ünsüňi özüne çekýär we eseriň many-mazmunyny hem-de täsirini has-da artdyrýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dünýäde onlarça döwletleri gurupdyrlar. Kuwwatly hem şöhratly türkmen döwletleriniň taryhynda adamzat üçin beýik ýol-ýörelgeler kemala gelipdir.  Ol döwürlerden soňra asyrlar geçip, ikinji müňýyllygyň ahyrlarynda ata-baba halal topragymyzda döredilen türkmen döwleti adamzat taryhyna öz şuglasyny saçdy. Şeýlelikde, dünýäniň syýasy kartasynda täze döwlet bolan Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda bütinleý täze döwür başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň şöhratly taryhynyň öçmejek ýazgylarydyr, bu taryha altyn harplar bilen ýazylan şu günümizdir, öňe, diňe öňe alyp gitjek ýagty ertirlerimizdir.

 

Garaşsyzlyk galkynyşyň baýramy ,

Garaşsyzlyk özgerişiň baýramy.

Gün saýyn özgerýär gözel ýurdymyz,

Gülleýä gül açýar eziz ýurdymyz.

 

Garaşsyzlyk berkararlyk baýramy,

Garaşsyzlyk bagtyýarlyk baýramy.

Garaşsyzlyk agzybirlik baýramy,

Garaşsyzlyk bagtymyzyň baýramy.

 

Garaşsyzlyk halkymyzyň bagtydyr,

Geçmişi, şu güni, ýagty geljegi.

Ajaýyp asuda bagtly ýaşaýşymyz ,

Garaşsyzlygymyzyň beren bagtydyr.

 

Arkadagymyz dur Döwlet başynda 

Ýurdumyz gün saýyn pajarlap ösýär,

Halkymyz agzybir bagtyýar ilim

Watanymda bagtyň gülleri açýar

Akmyradowa Altynaý, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hasabatçysy.