Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylyp, geljekki nesillere nusgalyk işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan başlangyçlary, çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde türkmen telekeçileri üçin täze mümkinçilikler açyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem hususy işewürligiň gazananlaryna ýokary baha berlip, Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlarynyň hatarynda türkmen telekeçileri hem ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Milli Liderimiz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Döredilýän ýokary şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususy işewürler bu gün ýokary hilli önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegine, halkymyzyň bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çuňňur mazmunly çykyşynda:
«Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarynydyr söwda merkezlerini, häzirki zaman obalaryny gurmakda hususy pudaga orun berilýär. Bäsdeşlige ukyply, import harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän, Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezini gurýan we beýleki iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn bellemek isleýärin»
diýip, nygtamagy hususy işewürleriň alyp barýan işlerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.
Bagtdan paýly ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýatynyň çäginde halal we rysgally zähmeti bilen tapawutlanýan agzalarymyz bolan «Datly Şerbet» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Rejepmyrat Orazowyň, «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän telekeçi Aýhan Rejepowanyň we TSTP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezowyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanmagy hem-de agarçäkmen taýýarlaýjy telekeçi Aknabat Towyýewanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda orun almagy bizi diýseň guwandyrdy.
TSTP-niň Mary welaýat komitetiniň Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine bagyşlap, sebitiň hususy kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirýän hoşallyk maslahatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna berlen ýokary döwlet sylaglary biziň alyp barýan işlerimize berilýän ýokary bahanyň, belent ynamyň nyşanyna öwrüldi. Bu belent ynam türkmen telekeçilerini mundan beýläk hem tutanýerli we halal zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň rowaç geljegini gurmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky tagallalara goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.