Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Milli telekeçiligiň ösüşli menzilleri

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Iýul aýynda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşini hem-de möçberini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

2018-nji ýylda «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgesinde gurulýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu bölegini netijeli we sazlaşykly ösdürmek üçin amatly ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ol salgyt ulgamyny kämilleşdirmekde, eksport-import amallaryny geçirmegi ýönekeýleşdirmekde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamlaryny ösdürmek ýoly bilen milli ykdysadyýetiň berk esasyny döretmegi; kiçi we orta telekeçiligiň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagy; döwlete degişli bolmadyk bölegiň jemi içerki önümdäki we daşarky söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrmagy; bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň giň gerimli ösüşini üpjün etmegi kiçi we orta telekeçiligi, hususy bölegiň ösüşini goldamak boýunça syýasatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitledi.

Hususy ulgamda senagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda elektron senagat ösdürilýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanan ugurdaş edaralar döredilýär. Bularyň hemmesi degişli ugurda importyň möçberini azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Şunda ekologiýa taýdan arassa, ýokary netijeli önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, hyzmatlar we söwda ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda hem geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde hususy işewürligiň wekilleri obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ekologiýa taýdan arassa we ýokumly azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary özleşdirýärler. Ýylyň-ýylyna obasenagat toplumynyň desgalarynyň birnäçesi, şol sanda iri ýyladyşhana hojalyklary ulanylmaga berilýär. Guşçulyk, maldarçylyk, balykçylyk boýunça önümçilik toplumlarynyň, gök we bakja, miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz internet arkaly harytlaryň satylyşyny artdyrmagyň, ýurdumyzyň içinde elektron söwda üçin öz meýdançamyzy döretmegiň, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň halkara derejede mahabatyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belleýär. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň wirtual sergisi guraldy. Onda hususyýetçileriň onlarçasy öz öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.

Türkmen telekeçileri halkara çärelere, sergilere işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň her ýylda guralýan sergisi hem-de maslahaty bagtyýarlyk döwrümizde hususy pudakda gazanylanlary giňişleýin açyp görkezýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şeýle forumlaryň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Şanly ýylda türkmen telekeçileriniň ynamly gadamlarynyň nyşany bolan üstünliklere ser salmak has-da buýsandyryjydyr.

Şu ýylyň şanly wakasy bolan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen ugurdaş geçirilen çäreler sebit döwletleriniň hususyýetçileri üçin hem örän netijeli boldy. Olarda telekeçilik işjeňligini goldamak, işewür gatnaşyklary höweslendirmek bilen bagly birnäçe başlangyçlar öňe sürüldi. Munuň şeýledigine konsultatiw duşuşykda milli Liderimiziň Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek, onuň işine sebitde iş tejribesi hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek başlangyjy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň hem-de sebitleriniň arasynda göni işewür gatnaşyklary höweslendirmegiň, maýa goýum we ykdysady forumlary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy hakynda aýdylanlar hem şaýatlyk edýär.

Konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamada nygtalyşy ýaly, taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika hem-de innowasion ugurlarda özara hyzmatdaşlyga belli bir maksada gönükdirilen we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygyny aýtdylar. Olar özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigini we sebitde söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça wezipeleri netijeli çözmek üçin özara bähbitli umumy çemeleşmeleri mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de taraplar özara söwdany artdyrmak, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda serhetýaka çäklerde söwda-önümçilik, şeýle hem lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň işewür toparlarynyň hem-de sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler işewürlik gatnaşyklaryna badalga berip, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam etdi. Onuň Jemleýji resminamasynda foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmaga we berkitmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Döwlet Baştutanymyzyň sebitlere iş saparlary, Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ulanmaga berilmegi we olardaky dabaralar, Awazadaky halkara çäreler, «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky guýularyň gurluşygyna badalga berilmegi, Kaka dokma toplumynyň açylyş dabarasy — bularyň ählisi biri-birine ulaşyp, halkymyzy toýly günleriň gujagynda Garaşsyzlyk bagtyna çoýýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze desgalar halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgatlaryna öwrülýär. Şu ýylyň dowamynda ýene-de köp sanly binalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Gurulýan binalaryň biri-birinden owadanlygy ýaş binagärlerimiziň we dizaýnerlerimiziň ussatlyga ýetişendigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşygynda işler ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.

Garaşsyz ösüş ýolunda ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.