Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Magtymguly Pyragy – gündogaryň beýik akyldary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler zalynda gündogaryň beýik akyldary, pelsepeçi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Magtymguly Pyragy – gündogaryň beýik akyldary” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyna galdyryp giden uly ruhy mirasy we öwüt-nesihatlary, ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere öwüt-ündew etmek dogrusynda belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin öz hoşallyklaryny aýtdylar.

TSTP