Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagynyň we işewürligiň höweslendirilmeginiň netijesinde hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, döwrebap kärhanalarda täze önümleriň önümçiligini ýola goýýandyklary barada belläp geçdiler. Şeýle hem, türkmen telekeçileri hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak bilen, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmegi ýola goýup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary çykarýandyklary barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda onda çykyş edenler milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hem mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP