Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Telekeçilik işiniň - hukuk binýady

Şu ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda agzalaryň arasynda hukuk düşünjeligi kämilleşdirmek maksady bilen “Telekeçilik işiniň - hukuk binýady” atly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna telekeçilik işiniň hukuk binýady boýunça giň düşünje gazanmaklary üçin “Telekeçilik işiniň hukuk esaslary esaslary”, “Telekeçilik işiniň - hukuk binýady”, “Telekeçilik işindäki kada kanunlar” barada, mundan başga-da telekeçilik işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we goldamak baradaky kanunçylyk namalary barada giň möçberli maglumatlar berildi. Şeýle hem telekeçilik işini alyp barmakda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklar barada gürrüň edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar telekeçilik işini alyp barmak üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP