Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly türkmen halky toýdyr baýramçylyklara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzda däbe öwrülen asylly ýörelgedir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda uly dabara bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowşan bu ylmy-ensiklopedik kitabyň ХV jildi hem bütin halkymyz we bu ulgamda zähmet çekýän işgärler üçin baýramçylyk sowgady boldy.           

Dabarada çykyş edenler onuň dowamynda kitabyň täze jildinde sahawatly topragymyzda ösýän, öň öwrenilmedik hem-de halk lukmançylygynda örän uly ähmiýete eýe bolýan 119 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýändigi, şeýle hem ylmy we halk lukmançylygy bilimlerine hem-de köpýyllyk gözleglere, tejribelere daýanýan kitabyň ýokary çap ediliş usulynda neşir edilen şu gezekki jildinde hem dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy we ulanylyşy, tebigy gorlary, çig maly bilen bagly maglumatlar uly orun eýeleýändigini belläp geçdiler. 

Şeýle hem täze kitap lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyp ýaşlara kämil bilim bermekde, olary ylma ugrukdyrmakda hem uly ähmiýete eýedigi, ol lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşan nobatdaky ägirt uly goşandydyr diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň yzy gür, galamynyň ujy ýiti bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP