2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – ösüşleriň özeni” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde öňe barýan ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygy, ýokary derejede geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi alnyp barylýan beýik işleriň many-mazmunyny çuňlaşdyrmakda, gerimini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuňňur manyly, taryhy çykyşlary öňde goýlan wezipeleri, belent maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn orny eýeleýändigi dogrusynda, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri we şertleri döredýändigi barada, bu taryhy wakalar ýurdumyzda döwrebap işleri ýola goýmakda, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP