Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenabat şäher häkimliginiň we Türkmenabat şäher medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykandygyny belläp geçdiler.
Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň nobatdaky jildi okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
TSTP