Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – agzybirligiň nyşany

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda  Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – agzybirligiň nyşany” atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. 

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler, Kararlar hem öz düzüminde şeýle derwaýys meseleleriň beýanyny jemleýär. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, öňde goýlan aýdyň maksatlar barada edilen buýsançly gürrüňler biziň kalbymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bizem  türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, olary halkyň arasynda giňden wagyz etmekde,  jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Döwleti berkarar etmekde, halkymyzy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! 

TSTP