Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarymyzyň gerimi giňeldilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  “Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarymyzyň gerimi giňeldilýär” ady bilen maslahat geçirildi.

          Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň goňşy, dost-doganlyk ýurtlary bilen alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly ýola goýlan halkara gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, şeýle-de ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalary barada buýsançly gürrüňler edildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

TSTP