2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty – Arkadagymyzyň paýhasy” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde öňe barýan ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygy, ýokary derejede geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi alnyp barylýan beýik işleriň many-mazmunyny çuňlaşdyrmakda, gerimini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuňňur manyly, taryhy çykyşlary öňde goýlan wezipeleri, belent maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn orny eýeleýändigi dogrusynda, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri we şertleri döredýändigi barada, bu taryhy wakalar ýurdumyzda döwrebap işleri ýola goýmakda, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda onda çykyş edenler Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrdy diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP