2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, türkmen milli buýsanjydyr” atly baýramçylyk çäresi gecirildi.
Maslahatň başynda oňa gatnaşanlar ajaýyp döwrümizde bedew batly ösüşler bilen öňe barýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybirligiň nusgasyny görkezip, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýandygy, tutuş ýurdumyzda şöhratly baýramyň şanyna ulanylmaga berilýän hem-de düýbi tutulýan il-ýurt, döwlet bähbitli, halkara ähmiýetli desgalaryň, ymaratlaryň hatary barha artýandygy barada belläp geçip, munuň özüniň ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ösüş depginleriniň has-da ilerleýändiginiň, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle hem baýramçylyk dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde gül açýan diýarymyzy, bagtyýar halkymyzy wasp edip şekilli aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP