Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratik özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratik özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine bagyşlanan çärede hususy ulgamda zähmet çekýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de birleşmesiniň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işiniň döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemlenýändigi dogrusynda durup geçdiler. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagy arzuw edildi.

TSTP