Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň-syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň - syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli durmuşda ýaşaýar. Mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna döretmek hem-de gurmak babatyndaky tutumly maksatlary netijesinde döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek üçin öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.

Ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen pähimine eýerýän halkymyzda jemgyýetiň bitewüligi, jebisligi, raýdaşlygy we agzybirligi jemlenýär. Agzybirligiň jemlenýän ýerinde ähli tutumly işler beýik üstünliklere ýetirýär. Halkymyzyň ähli üstünlikleriniň we ýeňişleriniň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmekde Halk Maslahaty möhüm ähmiýetli bolup durýar.  

Şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz öňde boljak Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaklygy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi we şol düzüme welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy. 

Häzirki bagtyýar döwürde her bir işde ýaşululara geňeşmek, ony maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däpler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek barada alnyp barylýan ýadawsyz işleriň netijesinde häzir bu hakyky demokratik ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Munuň özi agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Çärä gatnaşyjylar merdana türkmen halky üçin tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP