Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

Arkadag Serdarly Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynda “Arkadag Serdarly Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryny bellediler. Ýaşlary Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin edilýän işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem  ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleriň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. 

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek barada edýän aladalary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan işleri hakynda hem buýsanç bilen aýdyldy. Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

TSTP