Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda “Lebap” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Halk Market” dükanlar torynyň Lebap welaýat şahamçasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly düşündiriş-wagyz çäresini geçirildi
Bu çärede Asuda-Parahat Berkarar döwletimizi dürli ugurlarda belent derejelere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren, döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy ählumumy ykrarnama eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän her-bir tutumly işleri, taryhy çykyşlary, tassyklanylýan halk bähbitli kanunlar, türkmen ýaşlary üçin döredilýän mümkinçilikler, abadan halkymyzyň mundan beýläk-de bol-elin durmuşda, asuda-parahat ýaşamagy ugrunda edýän atalyk aladalaryndan nyşandyr!
Ak bazarlarymyzda harytlaryň bolçulygyna, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň gowulanmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde türkmen işewürleriniň çekýän tutanýerli zähmeti has guwandyryjydyr. Bu bolsa döwletimizde adamyň iň gymmatly hazynadygyndan ugur alýan Konstitusiýamyza, buýsanç duýgularyny döredýändigi dogrusynda çykyş edenler buýsanç bilen aýdyp geçdiler.
Türkmen topragyny ajaýyp gülläp ösýän baga öwürýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha berkidýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Halkymyzyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini çärä gatnaşyjylar bir agyzdan arzuw etdiler!
TSTP