Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

DÜNÝÄDE YKRAR EDILEN ŞÄHER

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Salam” hojalyk jemgyýetinde “Arkadag şäheri ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň mertebesini ýene bir gezek beýgelden deňsiz-taýsyz şäherdir” atly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly taryhy waka bolup geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşyna ak pata berildi. “Akylly şäher” konsepsiýasy esasynda Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan, binýat bolan Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher, öňdebaryjy sanly maglumat aragatnaşyk we ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan akylly şäheriň aýdyň nusgasydyr. Ata Watanymyz bu gün öz ogullaryna, gyzlaryna şeýle mümkinçiligi bagyşlady. Olara Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal bolan kämil şäheri bagyşlady-da: “Ine, indi ýazylyp-ýaýrap, ýaşaber! Ähli zat göwün islegiňdäki ýaly” diýip, ak pata berdi. Arkadag şäheri — türkmen ýaşlaryna ömrüniň, döwrüniň serpaýy boldy diýip bellediler. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy täze ajaýyp taryha girjek “Arkadag” şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP