Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly täze kitap ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýatda galyjy wakalara besledi. Çünki bu kitapda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylypdyr. Üç dilde taýýarlanan we ýokary çaphana usulynda neşir edilen täze kitap giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterlidir. Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP