Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Arkadag şäheri - geljegiň şäheri

Düýn — 4-nji iýulda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler bu kitabyň Arkadag şäheri barada bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatlara eýedigini buýsanç bilen bellediler. “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitabyň çap edilmegi Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat boldy. Onda nurana “akylly” şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar täze binalaryň we gurluşyk işleriniň aýratynlyklaryny gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylypdyr. Üç dilde taýýarlanyp, ýokary çaphana usulynda neşir edilen “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap giň okyjylar köpçüligi, şol bir wagtda daşary ýurtly okyjylar üçin hem ähmiýetlidir. Täze kitap şäher gurmagyň täze milli nusgalaryny dünýä ýaýmak bilen birlikde, okyjyda tebigy we şäher gözelliginiň ýakymly täsirini döredýär. Çünki Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri ynsan paýhasy we zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr. Bu döwrebap şäher türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmenistanlylara eden iň ajaýyp, iň gymmatly, iň naýbaşy sowgadydyr, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän peder ýolundaky ynamly gadamlarynyň, bu şöhratly ýolda gazanylýan beýik ösüşleriň, şeýle hem agzybir, ruhubelent, maksada okgunly halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň nyşanydyr. Biz halkymyzyň geçmişini sarpalaýan, şu gününiň aladasyny edýän, hasda bagtly geljegi nazarlaýan döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa il-ýurt, umumadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP