Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Magtymguly Pyragy – şygryýet şalygynyň hökümdary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda edara binasynyň mejlisler jaýynda Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Magtymguly Pyragy – şygryýet şalygynyň hökümdary” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen döredijilik duşuşygynda Beýik akyldar şahyr, gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgylary okaldy. Ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi. Şeýle-de Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn kämilleşdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri barada hem gürrüňler edildi. Ýygnaga gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP