Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti boýunça “Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi” atly duşuşyk geçirildi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň özüniň çeperçilik derejesi, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, ynsanperwer ideýalary bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýändigi, şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, türkmen edebiýatynda şahyrana mekdep döretdi diýip uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, Halkynyň isleg-arzuwy bilen ýaşan we döreden beýik akyldar watançylyk, agzybirlik, dostluk, zähmetsöýerlik, adamkärçilik ýaly ajaýyp-nepis gözellikleri adamlarda terbiýelemäge öz ömrüni bagyş edendigi, şahyryň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi öwüt-ündew edýän goşgulary halkymyz üçin hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak gymmatly baýlykdygy dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza, merdana şahsyýetlerimize belent sarpasy netijesinde halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alan akyldar şahyr diňe bir arzuwlan Garaşsyz, Berkarar döwletinde däl, eýsem, tutuş dünýäde sarpalanýandygyny, milli baýlyklarymyzy dünýä tanatmakda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP