Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ylym – bilimiň beýik ösüşleri

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym – bilimiň beýik ösüşleri” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Ýurdumyzda ýaşlara bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertler döredilýär diýip belläp, ýaşaýşa, durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan bagta atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýandygy barada, şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew badyna eýe bolup, belent sepgitlere çykýan Diýarymyz hemmämiziň çuňňur buýsanjymyzdyr diýip uly buýsanç bilen belläp, bu ugurda kämil kanunlaryň, maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly binýadyny döredýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Watanymyzda ylym ulgamyny ösdürmekde ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýaşlary ylmy bäsleşiklere çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Alymlaryň ylmy işleri pudaklary ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Milli bilim ulgamynda bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berilişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar. Durmuş zerurlyklarynyň naýbaşysy bolan ylym- -bilimiň sarpasy belentdir, gymmaty ýokarydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan merdana halkymyz hemişe-de ylyma aýratyn sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyz “Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar” diýip, ylym adamlaryny hormatlapdyrlar. Ylym hazynasynyň eýesi bolan ylym-bilimli adamlaryň, alymlaryň hormaty ähli döwürlerde-de egsilmezdir. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda Ylymlar gününiň belent dabaralar bilen bellenilmegi, ylym-bilim pudagyny ösdürmäge goşant goşýan adamlara goýulýan hormat-mertebäniň nyşanydyr diýip belläp, halkymyz üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan sag bolsunlaryny aýtdylar.

TSTP